Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan: Taryhy pursat döredi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Azerbaýjanyň döwlet Ýolbaşçysy Ilham Aliýew bilen Ankarada geçiren metbugat ýygnagynda Garabagda ermeni basybalyşynyň ortadan aýrylmagy bilen bilelikde sebitde durnukly parahatçylyk üçin taryhy pursadyň ýüze çykandygyny aýdandygyny ýazýar. Erdogan; “Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda dörän bu pursatdan ýerlikli peýdalanmak iňňän möhüm” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Aliýew: Türkiýe dünýä derejesinde söz geçýän ýurt” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň Türkiýäniň şu günki günde dünýä derejesinde sözi geçýän ýurtlardan biridigini beýan edendigini ýazýar. Aliýew: “Türki dünýäniň birleşmegi, umumy medeniýete eýe halklaryň jebisleşmegi, Türki döwletleriň guramasyna agza her bir ýurduň güýjüne güýç goşar” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Grek mediasy: Erdogan güýçli syýasatçy” söz başyly habarynda, Afynyň, Ankara-Kair gatnaşyklary bilen ýakyndan gyzyklanýandygyna ünsleri çekýär. Grek mediasy Türkiýäniň soňky döwürde edýän başlangyçlary bilen geosyýasy sahnada “iňňän güýçli” pozisiýa eýe bolandygyny ýazýan bolsa, Prezident Erdoganyň sebitde ünsleri özüne çekýän güýçli liderdigini nygtaýar.

“Star” gazeti “Russiýa: Türk diplomatiýasynyň gaýduwsyzlygyna kanagatlanma bildirilmeli” söz başyly habarynda, Russiýanyň Türkiýedäki İlçisi Alekseý Ýerhowuň Türkiýäniň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda hüjümleriň bes edilmegi, soňky çözgüt tapgyry boýunça goşant goşma isleginiň hem-de Gara deňiz galla başlangyjyny egilşiksiz goldama tagallasyna kanagatlanma bildirilmelidigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýede işsizlik azalýar, iş üpjünçiligi artýar” söz başyly habarynda, Türkiýede işsizleriň sany 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde öňki ýylyň degişli döwrüne görä 0,4 göterim azalyp, 8,8 göterime barabar bolandygyny mälim edýär.

Degişli döwürde işsizleriň sany 137 müň azalyp, 3 million 70 müň adama barabar boldy. İş bilen üpjün edilenleriň sany bolsa degişli döwürde 195 müň adam artdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny