25 ýaşdan kiçi iň baý türgenler

“Forbes” žurnaly 25 ýaşdan kiçi bolan iň baý türgenleriň sanawyny mälim etdi.Sanawyň başyny PSŽ-niň fransiýaly super ýyldyzy Kilian Mbappe çekip, ol beýlekilerden ep-esli gazanç bilen öňde barýar.

Mbappeniň ýyllyk gazanjy 120 million dollara deň bolup, 25 ýaşdan kiçi iň köp pul gazanýan türgen diýlip hasaba alyndy.Amerikan futboly sportunyň ýyldyzy Kaýler Marri bolup, “Arizona Kardinals” toparynyň 25 ýaşyndaky ýyldyzy soňky 12 aýyň dowamynda 70,5 million dollarlyk gazanjy bilen sanawda 2-nji orny eýeleýär.

F1-de soňky 2 möwsüminiň çempiony, “Red Bulluň” niderland sürüjisi Maks Werstappen 64 million dollarlyk girdejisi bilen 3-nji basgançakda orun aldy. “Mançester Sitiniň” norwegiýaly hüjümçisi Erling Holann hem sanawa 4-nji bolup goşuldy.

Soňky wagtlarda mahabatlardan gelýän girdejisini hem artdyran Holannyň ýyllyk gazanjy 52 million dollara deňdir.NBA-nyň sloweniýaly ýyldyzy, Luka Donçiç ilkinji 5-ligi jemleýän türgendir. “Dallas Maweriksiň” 24 ýaşyndaky basketbolçysy 47,2 million dollarlyk gazanç edýär.

Ýene degişli makalalar

Los Anjeles Leýkers düzümine 2 ýyldyzy goşdy
Rekordy öz adyna geçirer
Jeýms 4-nji, Nowitski 6-njy orna geçdi
Sport habarlary gysga setirlerde
Ýylyň iň köp pul gazanan türgenleri
Dünýäniň iň ýokary hak tölenýän türgenleriniň sanawy