Serbiýaly meşhur tennisçi Nowak Jokowiç erkekleriň arasynda sanawyň 1-nji basgançagynda barýar.Ol umumylykda sanawda 300 hepde 1-nji orunda galmagy başaran 2-nji tennisçi hökmünde taryha girdi.
Karýerasynda 17 “Uly tuwulga” gazanan 33 ýaşly Jokowiçden öňde şweýsariýaly Rojer Federer 310 hepde bilen rekordyň eýesidir.Eger-de Jokowiç geljek ýylyň mart aýyna çenli şu durkuny saklamagy başarsa, onda ol bu ugurda rekordy täze eýesi bolar.
Jokowiç ilkinji gezek 2001-nji ýylda 1-nji orna çykypdy.Ol şondan bäri dürli döwürlerde jemi 300 hepde 1-nji orunda galmagy başardy.
The post 300 hepde 1-nji basgançakda appeared first on Zaman Türkmenistan.
