32 ýyldan soň ýene-de ýokary liga çykardy

Italiýanyň ýokary ligasy “Serie A” çykan 3-nji klub, şol sanda “Serie A”-dan 2-nji liga düşen 3-nji klub hem belli boldy.

“Serie A”-da galmak üçin 17-18-nji ýeri eýelän we utuklary deň bolan “Spesiýa” bilen “Werona” duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Werona” topary 3-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, ligada galmagy başardy.

Werona” toparyna ýeňiş getiren gollary Faraoni (5) bilen Ngonge (26, 38) geçirdi. “Spesiýanyň” ýeke-täk goluny-da Ampadu (15) derwezä girizdi.Spesiýa topary 3 möwsümden soň 2-nji liga düşdi.

“Serie A” çykmak üçin geçirilen pleý-off tapgyrynyň finalynyň jogap oýnunda “Kaliari” topary myhmançylykda “Barini” 1-0 hasabynda ýeňdi. “Kaliari” toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 90-njy minutda 89-njy minutda oýna Pawoletti geçirdi. 1-nji duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanypdy.

Ussat tälimçi Klaudio Ranieriniň tälim berýän “Kaliari” topary 1 ýyldan soň ýene-de “Serie A” dolandy.Klaudio Ranieri adaty möwsümi 5-nji orunda tamamlap, pleý-off tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanan “Kaliari” toparyna geçen ýylyň dekabr aýynda tälimçilige bellenipdi.

Ranieri tälimçilik karýerasynyň ilkinji ýyllarynda “Kaliari” toparynda işläpdi.Tälimçilige “Kaliaride” başlan Ranieri 1988-1991-nji ýyllar aralygynda bu kluby “Serie C”-den “Serie A” çykarypdy.Meşhur tälimçi “Kaliarini” 32 ýyldan soň ýene-de “Serie A” çykarmagy başardy.

Ýene degişli makalalar

Günüň transfer täzelikleri
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
“Serie A-nyň” täze möwsümi
“Ýuwentusyň” we “Milanyň” täze tälimçileri
“Milan” ýeňlişsiz ýeke-täk topar