50 ýyllyk rekorda şärik boldy

Italiýanyň çempionatynda “Ýuwentus” arany açmagyny dowam edýär.Turinliler 13-nji tapgyrda öz meýdançasynda SPAL-dan Ronaldo we Manžukiçiň gollary bilen 20 hasabynda üstün çykdy.Oýunda tapawutlanan Ronaldo soňky 50 ýylda ilkinji 13 tapgyrda 9 gol geçiren 1-nji “ýuwentusly” futbolçy boldy.

Ronaldo 1968/69 möwsüminde şeýle netije görkezen Pietro Anastasiniň rekordyny gaýtalady.Tapgyryň merkezi oýnunda-da “Lasio” bilen “Milan” 1 utugy paýlaşdy. Ýer eýeleri 90+4-nji minutda Hoakin Korreanyň goly bilen ýeňlişden halas boldy. “Napoliniň” “Kiewo” bilen deňme-deň bolan tapgyrynda “Inter” “Frosinone” toparyny 30 ýeňdi. “Roma” myhmançylykda “Udinezeden” 10 asgyn geldi.

Ýene degişli makalalar

PSŽ -niň taryhy ýeňşi
Italiýada we Germaniýada golly tapgyr
Aşaky liga düşenler
Bir kluby aşaky liga düşdi, bir kluby ýokary liga çykdy
Sport gysga habarlar
Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi