500-nji goluny geçirdi, Noýer Kanyň rekordyny täzeledi

Germaniýanyň çempionatynda sanawyň öňdebaryjsy “Bawariýa” iň aşaky orunda barýan “Şalke” bilen myhmançylykda duşuşdy.Myhmanlaryň doly artykmaçlygynda geçen oýunda “Bawariýa” 4-0 hasabynda ýeňiş gazandy.Münhenlilere ýeňiş getiren gollaryň ikisini Tomas Müller (33, 88), beýlekileri-de Lewandowski (54) bilen Alaba (90) derwezä girizdi.

Duşuşykda toparynyň 2-nji goluny geçiren Lewandowski şu möwsümde 23-nji gezek tapawutlandy.Ol myhmançylykdaky duşuşyklarda yzly-yzyna 8-nji goluny geçirip, bu ugurda “Bundesliganyň” rekordyny goýdy. Şeýle-de bu gol onuň karýerasyndaky 500-nji gol hökmünde hasaba alyndy.

Lewandowski professional karýerasynda “Zniç Pruşkowda” (2-nji ligada) 21, “Leh Poznanda” 41, “Borussiýa Dortmundda” 103, “Bawariýada-da” 272, milli toparda-da 63 gol geçirdi.Bu hasapdan soň Lewandowski häzirki wagtda çykyş edýän futbolçylardan Ronaldo, Messi, Ibrahimowiç ýaly 500-den köp gol geçirenleriň hataryna goşuldy.

Lewandowski irki ýyllarda “Zniç Pruşkowda” 3-nji ligada-da gol geçiripdi.Bu gollar hasaba alynmady.

NDuşuşykda “Bawariýanyň” derwezeçisi Manuel Noýer “Bundesligada” 197-nji gezek derwezesinden gol geçirtmedi. Ol bu ugurda “Bundesligada” Oliwer Kanyň rekordyny täzelemegi başardy.

The post 500-nji goluny geçirdi, Noýer Kanyň rekordyny täzeledi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar
Şikesli oýunçylarynyň sany 7-ä ýetdi
“Bawariýa” öňküsi ýaly, “Real Madridden” şowsuz başlangyç
“Bundesliganyň” täze möwsüminiň ilkinji duşuşygy “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziler
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy