5G internetiniň rekord tizligi

Şweýsariýanyň “Sunrise” aragatnaşyk kompaniýasy bilen Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy 5G internetiň tizligini synagdan geçirdiler.Sýurih şäherinde gurnalan 5G infrastrukturasy arkaly sekuntda 3,67 gigabit göçürip almak tizligi hasaba alyndy. “Huawei’ bu synagda 4GHz 8GHz ýygylyk aralygynda üýtgeýän, kuwwaty 100MHz-e barabar “C-Band” spektri ulanyldy.

Hytaý kompaniýasynyň wekilleri MU-MIMO tehnologiýasy arkaly şeýle ýokary tizligi hasaba alandyklaryny, bu tehnologiýanyň köp antennaly we birnäçe ulanyjy tarapyndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berýändigini belledi. “Huawei”-iň ýolbaşçylary bu ýokary maglumat geçiriş tizliginiň laboratoriýada däl, müşderilere hödürlenýän torda hasaba alnandygyny belleýärler.

Mundan ozal iň köp 2 Gbps tizligini hödürleýän “Sunrise” kompaniýasy mundan beýläk has ýokary tizlikli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan smartfonlar belli boldy
Arkadag şäheri akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri atly halkara maslahat geçirildi
Serdar Berdimuhamedow Türkmentel-2023 halkara forumyny ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
5G-niň ornaşdyrylmagy 4G-den has tiz boldy
Ýanyňda göterilýän enjamlaryň satuwy 2,6 göterim artdy
Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy