800-nji uçaryny öndürdi

800-nji uçaryny öndürdi

Ýewropanyň Airbus kompaniýasy Hytaýyň Týanszin şäherindäki önümçilik desgasynda gurlan 800-nji uçaryny Air China awiakompaniýasyna gowşurdy. Şeýlelikde, Ýewropanyň daşyndaky önümçilikde täze sepgide ýetildi. 2008-nji ýylda ulanmaga berlen bu desga Airbus-yň Ýewropanyň daşyndaky ilkinji ýygnaýjy desgasydyr.

Kompaniýa golaýda bu ýerdäki zawodyny has-da giňeldip, A320 uçarlaryny öndürýän ikinji konweýeri işe girizipdi. Şeýlelikde, kompaniýa Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki sargytlary has gysga wagtda ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär.

Gunça Kiçiýewa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Bir hepdede 148 uçar sargyt edildi
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň sessiýasy iýulda Hytaýda onlaýn görnüşde geçiriler
Kuala-Lumpurda Aziýa Kubogy 2023-iň pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi
Hytaý partiýanyň 100 ýyllygyny belledi
Hytaýly kosmonawtlar 13 ýyldan soň ilkinji gezek kosmosa çykdylar
Sadyr Japarowyň Orta Aziýa Ýurtlaryna Sapary