Abraýly dostlar kärhanasy Frankfurtda geçýän tehniki dokma sergisine gatnaşýar

Abraýly dostlar kärhanasy Frankfurtda geçýän tehniki dokma sergisine gatnaşýar

Türkmenistanda polipropilen multifilament ýüplükleriniň önümçiligini alyp barýan Abraýly dostlar kärhanasy 21 — 24-nji iýun aralygynda Frankfurt şäherinde geçirilýän dünýäniň iri sergileriniň biri bolan Techtextil tehniki dokma sergisine gatnaşýar.

Abraýly dostlar kärhanasynyň önümleri hödürlenen E32 stendi Ýüplükler we süýümler zalynda ýerleşdirildi. Bu ýerde 50 inedördül metr meýdançada kärhanada öndürilýän orta we ýokary berklikdäki FDY ýüplükleri, aýlaw hem-de howa teksturaly ýüplükler hödürlenilýär.

Abraýly dostlar hususy kärhanasy 2019-njy ýylda ýokary hilli içerki önümçiligi ýola goýmak arkaly import edilýän ýüplükleriň satyn alynmagyny azaltmak we halkara bazarlaryna dünýäde öňdebaryjy ýüplük öndürijileriň önümlerinden pesde durmaýan türkmen ýüplüklerini hödürlemek maksady bilen döredildi. Önümlerini eksport etmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, kärhana halkara bazarlarynda Polyyarn haryt nyşany bilen çykyş edýär.

Kärhana dünýä ýüzünde meşhur bolan kuwwatly tehniki aýratynlyklary hödürlemek bilen giňden belli bolan egirme we dokma ugurlarynda ýokary hilli önümleri öndürýär.

Abraýly dostlar kärhanasynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary tarapyndan düzüminde denier we dpf aýratynlygy az derejede bolan Polyyarn ýüplügine uly isleg bildirilýär. Hat-da dokma kärhanasyna eýýäm Nike, Gymshark we Continental ýaly iri kompaniýalar hem hyzmatdaşlyk maksady bilen ýüz tutdular.

Ýüplükleriň önümçiligi 300 tonnadan gowrak bolup, şoňa görä-de bu ugurda kärhana dünýä bazaryna tehniki ýüplükleri eksport etmekde öňdebaryjy orna eýe bolup durýar.

Techtextil halkara tehniki dokma sergisine gatnaşmak bolsa Abraýly dostlar kärhanasyna dünýä ýurtlarynyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny açmaga giň mümkinçilik berer.

Ýene degişli makalalar

Nike we Adidas sport balaklardaky çyzyklar üçin kazyýete ýüz tutdular
Türkmenistan Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi
Ahal futbol topary ilkinji gezek eFootball oýnuna girizildi
Halkara guramalary Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy webinar geçirdi
Adidas Nike şereketini patentleriň düzgünini bozmakda aýyplap, kazyýete berdi
Golfçy Taýger Wuds taryhda üçünji milliarder türgen boldy