ABŞ 2030-njy ýyldan benzin bilen işleýän ulaglary gadagan edip ugrar

ABŞ 2030-njy ýyldan benzin bilen işleýän ulaglary gadagan edip ugrar

Waşington ştatynyň gubernatory Jeý Insli resminama gol çekdi, oňa laýyklykda, 2030-njy ýyldan başlap, benzin we dizel bilen işleýän ýeňil ulaglary we ýeňil ýük ulaglaryny satmaklyk we bellige almaklyk gadagan edilýär diýip, NBC News habar berýär.

Kanunlaryň täze bukjasy diňe bir içinden ot alýan hereketlendirijili ulaglary satmagy we bellige almagy gadagan etmek bilen çäklenmän, gibrid-elektriki ýolagçy paromlarynyň dört ugruny döretmegi, elektromobillere zarýad berilýän birnäçe müň beketleri guramagy, 18 ýaşa çenli ýolagçylaryň jemgyýetçilik ulagyndan mugt peýdalanmagyny üpjün etmegi we beýlekileri hem göz öňünde tutýar.

Waşington ştatynda içinden ot alýan hereketlendirijili ulaglary ulanmagy gadagan etmäge synanyşygyň baryp 2021-nji ýylyň aprel aýynda başynyň başlanandygyny-da aýtmak gerek.Emma şonda gubernator kanunyň taslamasyny ret edipdi.

Gol çekilen resminamanyň benzin we dizel bilen işleýän awtoulaglaryň diňe bir satuwyny däl, eýsem, bellige alnyşyny hem gadagan etmegi göz öňünde tutýandygy gyzyklydyr.Munuň özi Waşington ştatynyň ilatynyň awtoulaglary başga ýerden satyn alyp, soň ony arkaýyn ýaşaýan ýerinde bellige aldyrmak wariantyny aradan aýyrýar.

Owalam Amerikanyň birnaçe ştatynyň däp bolan içinden ot alýan hereketlendirijili awtoulaglara gadaganlyk girizmek boýunça meýilnamalaryny mälim edendiklerini bellemek gerek.Mysal üçin, Kaliforniýada, Massaçusetsde we Nýu-Ýorkda 2035-nji ýylda şeýle ulaglardan ýüz öwürmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
ABŞ-nyň iň gymmat uniwersitetleri
Basketbol halkasy näme üçin 3 metr beýiklikde?
Lýuis Hemilton Saud Arabystanynyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Aýda suw tapyldy
Burun dykylmasyna tebigy çözgütler
Massaçusetsde 114 müň adam elektriksiz galdy