ABŞ: "Baýdeniň Türkiyä F-16-laryň satylmagy bilen bagly berýän goldawy dowam edýär"

ABŞ: "Baýdeniň Türkiyä F-16-laryň satylmagy bilen bagly berýän goldawy dowam edýär"

ABŞ-nyň hökümedi, Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen baglanşykly teklibiň Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň Daşary gatnaşyklar komissiýasyndan geçmeginden hoşaldyklaryny we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Türkiyä F-16-laryň satuwy bilen bagly berýän açyk ýagdaýdaky goldawynyň dowam edýändigini habar berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Türkiýäniň Şwesiýanyň NATO agzalygy meselesinde eden soňky ädiminden hoşaldygyny beýan etdi.

Döwlet sekretarlygy beren beýanatynda: "Prezident Baýdeniň eýýäm ençeme wagt bäri Türkiyäniň F-16 flotynyň döwrebaplaşdyrylmagyna berýän açyk häsýetdäki goldawy dowam edýär, bu ýagdaý bolsa NATO-nyň operasiýa mümkinçiligini giňelder" diýip belledi.

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň Daşary gatnaşyklar komissiýasynda Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen baglanşykly teklibiň kabul edilmeginden hoşaldyklaryny aýdan ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy Ankara F-16-laryň satuwy bilen baglanşykly Kongrese resmi talap bildirilýänçä çenli daşary ýurt ýarag söwdasy bilen bagly şular ýaly görnüşli beýanatlary ýa-da beýannamalary bermejekdiklerini habar berdi.

Düýn Şwesiýanyň NATO-nyň düzümine goşulmak baradaky teswirnamanyň tassyklanmagy baradaky kanun teklibi TBMM-niň Daşary gatnaşyklar komissiýasynda kabul edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
Russiýa Finlýandiýa Serhedine Harby Güýç Ornaşdyrar
Şwesiýa NATO Agza Boldy
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
Şwesiýanyň Premýer-ministri NATO Agzalyk Meselesi Boýunça Wengriýa Barar
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar