ABŞ-da öýleriň birinde partlama boldy

ABŞ-da öýleriň birinde partlama boldy

ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynda öýleriň birinde bolan partlamada 4 adamyň ýogalandygy, 1 adamyň bolsa dereksiz ýitendigi habar berildi.

The New York Times gazedi tarapyndan berilen habara görä, Pensilwaniýanyň Plum sebitindäki öýleriň birinde entek sebäbi anyklanmadyk partlama boldy.

Partlama sebäpli 3 öý ýumruldy, golaýdaky ençeme öýe hem zeper ýetdi.

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 4 adamyň ýogalandygy, 1 adamyň bolsa dereksiz ýitendigi mälim edildi.

Wakada ýaralanan 2 adamyň saglyk ýagdaýynyň kanagatlanarlydygy, 1 adamyň saglyk ýagdaýynyň bolsa agyrdygy aýan edildi.

Polisiýa gullugy waka bilen baglanşykly derňew işini başlatdy.

Ýene degişli makalalar

Hytaýda ömri uzaldýan gerde döredildi 
Floridada 5,5 milliondan gowrak adama harasat sebäpli göçmek maslahat berildi
Makoleý Kalkin Ýeke özi öýde filmindäki öýi satyn almak isländigini gürrüň berdi
Nýu-Ýork şäheriniň täze meri saýlandy
Ak tam onlarça ýurduň raýatlaryna ABŞ-a girmegi gadagan etmekçi bolýar, sanawda Türkmenistan hem bar Reuters
ABŞ-da emlägi bolan türkmen baýlary Ak tamyň girizjek wiza çäklendirmelerini ýakyndan synlaýar
“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň gowy 100 kitabyny mälim etdi