ABŞ bilen Filippin Hytaýyň Taýwanyň golaýyndaky uly göwrümli türgenleşikleri tamamlandan bir gün soň, häzirki wagta çenli geçirilen iň uly göwrümli bilelikdäki harby türgenleşiklerini başlatdy.
18 müňe barabar esgeriň gatnaşmagyndaky “Balitakan” türgenleşigi, Günorta Hytaý denizinde geçirilýär.
Türgenleşikde hakyky ok-däriniň ulanyljakdygyny habar berildi.
Bu türgenleşik Hytaýyň Taýwany gabaw almagy suratlandyrýan 3 günlük türgenleşigiň gutarmagyndan soň başlady.
“Balitakan” türgenleşigi harby dik uçarlaryň Taýwandan 300 kilometr alysdaky ada sebitine gonmagyny hem öz içine alýar.
Türgenleşik ilkinji gezek Filippiniň döwlet Ýolbaşçysy Ferdinand Markosyň gözegçiliginde geçirilýär.