ABŞ-nyň gabawyna garamazdan deňiz gatnawy dowam edýär, 25 gämi Ormuz bogazyndan geçdi

ABŞ-nyň gabawyna garamazdan deňiz gatnawy dowam edýär, 25 gämi Ormuz bogazyndan geçdi

ABŞ-nyň Deňiz güýçleriniň Eýranyň strategik suw ýolundan geçişleri çäklendirendigine garamazdan Ormuz bogazyndan gämi gatnawy dowam edýär.

Gabaw duşenbe güni Eýranyň ýerli wagty boýunça sagat 17:30-da, halkara wagt boýunça 14:00 da başlady. Şol günden bäri 14 gämi aýlaga girdi, 7 gämi bolsa bogazdan çykdy.

Anadoly habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, sişenbe güni halkara wagt boýunça 20:10-a çenli jemi 25 gämi bogazdan geçdi, 13 gämi bolsa bogazda galdy.

4 sanysy tanker bolan şol gämileriň arasynda Liberiýanyň baýdagyny göterýän ýük gämisi Kristianna, ABŞ-nyn sanksiýa sanawynda ýer alýan nebit tankerleri Riç Starry we Murlikishan bilen Panamanyň baýdagyny göterýän Peace Gulf hem bar.

Sişenbe gününden bari Aýlag tarapynda 2 müň gäminiň galandygy, 400 gäminiň hem Ormuz arkaly Aýlaga girmek üçin garaşýandygy habar berildi.

Gämi gatnawyna gözegçilik edýän Marine Traffigiň görkezijileri, ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan gämileriň bogazdan geçýändigini görkezdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Waşington bilen Tähranyň arasynda hepdäniň ahyrynda Yslamabatda geçirlen gepleşikleriň netijesiz tamamlanmagyndan soň duşenbe güni Türkiýe wagty bilen sagat 14:00-dan başlap Ormuz bogazyny gabaw astyna alandyklaryny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Ýaş inžener 2026 atly bäsleşik geçirildi
Pakistanyň Içeri işler ministri Tähranda saparda boldy
ABŞ Ormuz bogazynda Eýrana degişli iki drony hatardan çykardy
Arakçi Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleriniň bes edilmegini isledi
ABŞ-Eýran dartgynlygy sebäpli nebitiň bahalary ýokarlaýar
Pezeşkiýan Russiýanyň we Pakistanyň lideri bilen söweşiň bes edilmegi barada pikir alyşdy