
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy soňky 30 ýylda inflýasiýanyň görlüp-eşidilmedik ýokarlanmany bilen ýüz be ýüz bolýar
Jo Baýden bu ýagdaýa gözegçilik etmek maksady bilen ykdysady buýruklary berdi.Baýden çarşenbe güni beýannama berip, energiýa bahalarynyň ýokarlanmagyny inflýasiýanyň ýokarlanmagynda günäkärledi we inflýasiýany azaltmagyň administrasiýasy üçin ileri tutulýan ugurdygyny aýtdy.
Inflýasiýanyň ýokarlanmagy we Amerikan halkynyň satyn alyş kuwwatynyň peselmegi Baýden administrasiýasyna nägileligiň artmagyna sebäp bolandyr,emma Baýden bolsa näçe gezek Korona epidemiýasy sebäpli ýüze çykan çökgünlik sebäpli bahalaryň ýokarlanmagynyň wagtlaýyn boljakdygyny we çaltlykda ýagdaýyň gowulaşjakdygyny öňe sürýärdy.
Emma häzirki wagtda inflýasiýanyň ýokarlanmagy Baýdeniň administrasiýasy üçin çynlakaý kynçylyk bolupdur.Şeýlelik bilen, Amerikalylar asyryň her zamanyndan aýry häzirki wagtda esasy harytlaryň, energiýa göterijileriň we beýleki sarp ediş harytlarynyň bahasynyň ýokarlanmagyny görýärler.
Sarp edijileriň haryt satyn almak we hyzmatlary almak üçin näçe töleýändiklerini görkezýän sarp ediş bahasynyň indeksi, oktýabr aýynda 6,2 göterim ýokarlanyp 30 ýylyň içinde iň ýokary derejä ýetdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda benziniň bir gallonynyň ortaça bahasy 3,42 dollara ýetdi, bu 2014-nji ýyldan bäri iň ýokary bahadyr.Benziniň bahasynyň ýokarlanmagy, geljek ýylky wagtyndan öň aralyk saýlawlaryna tomaşa edýän demokratlar üçin syýasy täsir edip biler.
Syýasy bilermen Maks Kaiser "ABŞ-da esasy harytlaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň bahasynyň ýokarlanmagy bu ýurtdaky inflýasiýanyň Federal reserve bankynyň ýa-da şol ABŞ-nyň Merkezi Bankynyň yglan etýäninden has ýokarydygyny görkezýär diýyp aýtdy.
Amerikan ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýynda,korona epidemiýasynyň ýaramaz ykdysady täsirleri sebäpli,Talap bilen islegiň arasyndaky deňsizlik ýüze çykyp,1991-nji ýyldan bäri görlüp-eşidilmedik bahalaryň ýokarlanmagy we inflýasiýanyň ýokarlanmagy görlüýändir.
Bir tarapdan müşderileriň isleginiň artmagy, beýleki tarapdan harytlaryň ýetmezçiligi,Aýlyk hakynyň ýokarlanmagy bilen birlikde, ABŞ-nyň ykdysadyýetine basyş edip , görlüp-eşidilmedik inflýasiýa sebäp bolandyr.Aslynda, soňky üç onýyllykda ABŞ-da ýyllyk inflýasiýa ýokarlanýar, harytlaryň düýpgöter kemelmeginiň öňüne geçmek, sarp edijileriň islegleriniň ep-esli ýokarlanmagyna we çaltlykda Aýlyk hakynyň ýokarlanmagy üçin ykdysady syýasatlary utgaşdyrmak üçin ABŞ-nyň Gaznadarlyk gullugyna we Ak tama basyş edýär.
Epidemiýanyň dowam etmegi we korona wirusy bolan adamlaryň köpelmegi, esasanam "delta ştammy", esasy harytlaryň üpjünçiliginiň kesilmegi, el bilen işleýänleriň we ýük awtoulag sürüjileriň ýetmezçiligi, iş pursatlaryň pesligi we çig malyň we aralyk harytlaryň bahasynyň ýokarlanmagy ,ABŞ-nyň ykdysady işlerine we ösüşine ýaramaz täsir eden we häzirki inflýasiýanyň ýokarlanmagynda rol oýnan faktorlaryndandyr. Şeýle-de bolsa, ykdysatçylaryň pikiriçe, ABŞ-da inflýasiýanyň häzirki ýokarlanmagynyň ýene bir sebäbi, geljekdäki inflýasiýa baradaky sarp edijileriň garaşyşlaryna esaslanyp bahalaryň ýokarlanmagy üçin esaslaryň bolmagydyr.
Bu bolsa federal hökümet üçin duýduryş hökümindedir.Amerikan jemgyýetinde meşhurlylygynyň azalmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýan Baýden, dürli edaralara we ykdysady geňeşçilerine bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almak we inflýasiýanyň artmagynyň öňüne geçilmegi üçin çäreleriň görmegini tabşyrandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň Gaznadarlyk ministri Janet Ýellen, häzirki ykdysady şertlere we ýagdaýa görä inflýasiýanyň indiki ýyla çenli peselmejekdigini çaklady.Bu bolsa Amerikalylaryň köpüsiniň aladalanmaklaryna we Baýdeniň ykdysady syýasatlary barada şübhelenmeklerine sebäp bolandyr. Şeýle-de bolsa, Baýdeniň ykdysady meýilnamalary tassyklanylsa we durmuşa geçirilse-de, ABŞ-nyň häzirki inflýasiýa derejesiniň derrew peselmeginiň ähtimaly azdyr.