ABŞ-nyň käbir ştatlary Google-y suda bermäge synanyşarlar

ABŞ-nyň käbir ştatlary Google-y suda bermäge synanyşarlar

ABŞ-nyň ştatlarynyň birnäçesi Tehasyň ýolbaşçylygynda Google-yň esasy kompaniýasy bolan Alphabet Inc-e garşy düzedilen arza berdi. Tehnologiýa ägirdi, ozalam güýçli bolan mahabat işini ösdürmekde mejbur ediji usullary ulanmakda we monopoliýa garşy kanunlary bozmakda aýyplanýar. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, ferra.ru habar berýär.

Bu Google-yň garşysyna gozgalan monopoliýa garşy ilkinji kazyýet işi däl. Ýakynda kompaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň monopoliýa garşy kararyna eden şikaýaty ret edildi. ABŞ-nyň düzediş girizilen şikaýatynda Google-yň onlaýn mahabatda bäsdeşligi çäklendirmäge çalyşýandygy bellenilýär.

Şeýle hem şikaýatda Google-yň “Project Bernanke” atly gizlin programmasy hakynda hem aýdylýar. Onuň çäklerinde kompaniýanyň öz mahabat hyzmatlarynyň bähbidi üçin mahabat berijilerden toplanan eksklýuziw söwda maglumatlaryny ulanandygy nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Sürüjisiz ulaglaryň gije-gündiz işlemegine rugsat berildi
Dünýäniň IT-kompaniýalary ýylyň başyndan bäri 95 müň işgäri boşatdy
Iň girdejili kompaniýalar
Berkshire Hathaway bazar bahasy boýunça Tesladan öňe geçip biler
Alphabet emeli aňyň täze nusgasy bilen tanyşdyrdy
Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi