ABŞ-nyň Öňbaşçylyk Edýän Ýeke Blokly Dünýä Ulgamy Özgerýär

ABŞ-nyň Öňbaşçylyk Edýän Ýeke Blokly Dünýä Ulgamy Özgerýär

Amerikanyň halkara gatnaşyklar žunaly “National Interestde” çap edilen makalada sowuk söweş döwründen soň ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky ýeke blokly dünýä ulgamynyň indi özgermäge başlandygy nygtalýar.

Owganystanyň we Yragyň basylyp alynmagynda ABŞ-nyň üstün çykyp bilmändigine üns çekilýän makalada, resmi Waşingtonyň Ýakyn Gündogar, esanda Siriýada, Ýemende we Liwiýada meseleleriň çözülmegindäki insiatiwany Ankara, Moskwa we Tährana berendigi beýan edilýär.

Bular bilen birlikde Hytaýyň dünýä derejesinde güýçlenmeginiň öňüniň alynmazlygy we ABŞ-nyň düşmanlaryna bolan başarnyksyz çemeleşme başlangyçlary ABŞ-nyň ozalky güýjüni ýitirendiginiň delilleri hökmünde görkezilýär.

Makalada ýeke blokly dünýä ulgamyndan soň haýsy ulgamyň geljekdigi hem analiz edilýär. Analize görä ABŞ, Hytaýyň we Russiýanyň başda durmagyndaky köp blokly ýa-da 2 blokly ulgamlar gün tertibinde.

Biri-birleri bilen bäsleşikli bolan ulgamlardan haýsynyň Rüstem geljekdiginiň onlarça ýyl dowam etjek çekeleşiklerden soň belli boljakdygy beýan edilýär.

Ýene degişli makalalar

Energiýada Täze Ugur: Ortaýer Deňizi
EFES-2024 Türgenleşigi Geçirildi
Prezident Erdogan Liwiýanyň Wekiller mejlisiniň başlygyny kabul etdi
Türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan çäre
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Muhammed Tekaleni kabul etdi