ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda aradan çykdy

“30-njy noýabrda doktor Genri Kissinjer Konnektikutdaky öýünde aradan çykdy. Kissinjeriň yzynda 50 ýyl töweregi bile ýaşaşan aýaly Nensi Maginness galdy” diýlip, “Kissinger Associates” guramasynyň beýanatynda bellenilýär.

1943-nji ýylda ABŞ-nyň raýaty bolan ýokary wezipeli diplomat Niksonyň we Forduň administrasiýalarynda işledi. 1977-nji ýylda wezipesinden çekilenden soň, Amerikanyň syýasatynda we halkara arenasynda möhüm şahsyýet bolup galdy.

Genri Kissinjer 1923-nji ýylyň 27-nji maýynda Germaniýanyň bawar şäheri Fýurtda ýewreý maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy mekdep mugallymy, ejesi öý hojalykçydy. Olar 1938-nji ýylda ABŞ-a göçensoňlar, Germaniýada galan garyndaşlarynyň hemmesi Holokost döwrüniň pidasy bolýar.

Galyň äýnegi we ýogyn sesi bilen tanalýan Kissinjer “diplomatiýanyň grossmeýsteri” hasaplanýar. Kissinjer howpsuzlyk boýunça hünärmen hökmünde prezidentler Duaýt Eýzenhaueriň (1953-1961), Jon Kennediniň (1961-1963) we Lindon Jonsonyň (1963-1969) hökümetinde işledi. Ol 1961-1962-nji ýyllarda ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatçysy bolup işledi. 1961-1968-nji ýyllarda ýaragsyzlanmak we ýaraglara gözegçilik gullugy bilen hyzmatdaşlyk etdi.

Ol parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesidir.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň öňki Baş sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda aradan çykdy
Paýhaslar
Ilkinji elektroulag zawodyny açdy
Ahal Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirer
Ýyldyz futbolçylaryň meşhur menejeri aradan çykdy
Genrih Mkhitarýan milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady