ABŞ-nyň öňki Baş sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda aradan çykdy

ABŞ-nyň öňki Baş sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda aradan çykdy

ABŞ-nyň öňki Baş sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda özüniň Konnektikutdaky öýünde aradan çykdy. Bu barada Kissinger Associates konsalting firmasyna salgylanýan Interfax.ru habar berdi.

Kissinjer Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet departamentine 1973-1977-nji ýyllarda ýolbaşçylyk etdi, 1969-1974-nji ýyllarda milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi wezipesini eýeledi. Prezident Riçard Niksonyň döwründe (1969-1974 ýý.) ABŞ bilen Hytaýyň ýakynlaşmagynda uly hyzmaty bitirdi.

Kissinjeriň maslahatlaryna Eýzenhauer, Kennedi, Jonson, Nikson we Tramp ýaly Prezidentler hormat goýýardylar. 1970-nji ýyllarda ol onýyllygyň dünýäni özgerdiji ählumumy wakalaryna täsir etdi diýip, Reuters ýazýar.

Ol (doly ady Genri Alfres Kissenjer, doglandaky ady Haýns Alfred Kissinger) 1923-nji ýylda Germaniýanyň Bawariýadaky Fýurt şäherinde ýewreý maşgalasynda dünýä indi.

Kakasy mekdep mugallymy, ejesi öý hojalykçydy, 1938-nji ýylda olar ABŞ-a göçdüler.

Özüniň galyň äýnegi we güýçli nemes sözleýiş äheňi bilen tanalan Kissinjeri diplomatiýanyň grossmeýsteri diýip atlandyrýardylar.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda aradan çykdy
Ahal Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirer
Meşhur futbol agenti Mino Raýola aradan çykdy
Ýyldyz futbolçylaryň meşhur menejeri aradan çykdy
Angliýada rysarlar hakda orta asyr eposynyň 90 göterimi ýitirilipdir
Gaitiniň Premýer-Ministriniň Janyna Kast Edilmäge Synanşyldy