Raýat goranyş agentligi, ýer titremede ýogalanlaryň sanynyň 2189 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 12 müň 268 adama ýetendigini habar berdiler.
Resmiler güýçli ýer titreme sebäpli 60 müňden gowrak öýüň ýumrulandygyny, 76 müň öý bilen köp sanda döwlet edaralarynyň binalaryna zeper ýetendigini belläp, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini mälim etdiler.
Uly weýrançylyga sezewar galan ýurdyň hökümeti halkara derejede ýardam berilmek barada çagyryş berdi.
Gaitiniň Premýer ministri Ariel Genri ýurtda aý möhlet bilen adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigini habar berdi.
