Netflix “Jadygöý” (“Ведьмак”) serialynyň üçünji möwsümini surata düşürer. Bu barada serialyň Twitterdäki resmi saýtynda habar berilýär diýip, gazeta.ru belleýär.
Ýöne onuň senesi barada jikme-jik maglumatlar heniz ýok. “Jadygöýüň” ikinji möwsüminiň surata düşürilişi aprel aýynda tamamlandy. Iýul aýynda Netflix “Jadygöý” boýunça alty seriýaly filmi surata düşürjekdigini aýtdy.
Polşaly ýazyjy Anjeý Sapkowskiniň kitaplary boýunça düşürilen “Jadygöý” teleserialynyň birinji möwsümi 2019-njy ýylyň dekabrynda çykdy. Täze “Jadygöýüň” surata düşürilişi koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürildi. Ikinji möwsümiň premýerasy 2021-nji ýylyň 17-nji dekabrynda bolar.
“Jadygöý” serialynyň öňki möwsümlerinde baş keşplerde Genri Kawill (Geraltyň keşbinde), Anýa Çalotra (Geraltyň söýgülisi jadygöý Ýennifer) we Freýýa Allan (Sinta şalygynyň Siri atly mirasdüşeri) çykyş etdi.
