Netflix Kalmar oýnunyň ikinji möwsümini resmi taýdan anons etdi

Netflix Kalmar oýnunyň ikinji möwsümini resmi taýdan anons etdi

Günorta Koreýanyň meşhur serialy bolan Kalmar oýnunyň ikinji möwsüminiň ssenariýasy hereketde. Bu barada režissýor Hwan Don-hýokyň Netflix striming hyzmatynyň saýtynda ýerleşdirilen hatynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, birinji möwsümiň baş gahrymany we antagonisti ekrana gaýdyp geler.Tomaşaçylar birnäçe täze gahrymanlar bilen hem tanşarlar.Reliziň senesi mälim edilmeýär.Kalmar oýny Netflix-iň iň üstünlikli serialy boldy. 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda çykandan soň, ilkinji dört hepdede tomaşaçylar bu seriala tomaşa etmek üçin 1,65 mlrd sagatdan gowrak wagt sarp etdiler.

Kartinada diri galmagyň gizlin oýny barada gürrüň berilýär, durmuşy agyr bolan adamlar pul baýragy üçin janlaryny howp astyna salýarlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Şwarsenegger aňtawçylar baradaky serialda surata düşer
Netflix Şa zenanyň ýörişi hem-de Kagyz jaý seriallarynyň esasynda oýunlary çykarar
Netflix şu hepdede işgärleriniň sanyny azaltmakçy
Netflix 300 işgärini işden çykarýar
Kemeron Diaz sekiz ýyllyk arakesmeden soň kino dolanýar