Netflix Şa zenanyň ýörişi hem-de Kagyz jaý seriallarynyň esasynda oýunlary çykarar

Netflix Şa zenanyň ýörişi hem-de Kagyz jaý seriallarynyň esasynda oýunlary çykarar

Netflix wideoönümçilik platformasy Netflix Geeked Week wirtual çäresinde şu ýylyň ahyryna çenli platformada elýeterli boljak 50 sany wideooýny köpçülige tanyşdyrdy.

Daily.afisha web saýtynyň habar bermegine görä, bu oýunlaryň hatarynda Şa zenanyň ýörişi we Kagyz jaý seriallarynyň esasynda dörediljek oýunlar hem bardyr. Ripstone studiýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanyljak Şa zenanyň ýörişi atly oýundan oýunçylar küşt oýnamagy öwrenip, dürli matallary çözerler hem-de dostlary bilen onlaýn-bäsleşikleri geçirip bilerler.

KillaSoft studiýasynyň taýýarlaýan Kagyz jaý serialy esasynda dörediljek oýunda bolsa oýunçylar edil filmdäki ýaly yzygiderlikde talaňçylyk işlerini meýilleşdirip bilerler. Wideoönümçilik platformasy şeýle-de Reigns: Three Kingdoms, Wild Things, Desta, Raji, Poinpy, Immortality ýaly we beýleki wideooýunlary öndürer.

Ýene degişli makalalar

Kagyz ýaly eplenýän ekran
Anjelina Joli Bred Pittiň şowsuzlyklaryna şatlanýar
Telewideniýe dünýäsiniň Oskary hasaplanýarn “Emmy” baýraklary gowşuryldy
Lady Gaga iň gowy aýdymçy, “Dynamite” iň gowy aýdym diýlip saýlandy
Iň gowy aýdym “Dynamite”, iň gowy aýdymçy Lady Gaga
63-nji “Gremmi” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi, Beýonse rekord goýdy