Netflix kompaniýasy işgärleriniň sanyny düýpli kemeltmegi meýilleşdirýär, ýagny paýnamalar bilen bagly çykdajylaryny azaltmakçy bolýar. Bu barada Variety neşiri habar berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.
Işgärlere işden boşadyljakdygy barada hepdäniň aýagynda habar berler.
Netflix geçen maý aýynda hem 150 işgärini işden boşadypdy.
Kompaniýa geçen ýazda abunaçylarynyň 200 müňüsi abuna ýazylmakçy däldiklerini habar berenden soňra öz paýnamalarynyň 70 göterime golaýyny ýitirdi. Häzirki günde onuň bir paýnamasy 175 amerikan dollaryna deňdir.
Netflix striming kompaniýasynyň metbugat gullugy bu habar bilen bagly beýanat bermekden ýüz öwürdi.
