ABŞ-nyň senatorlary Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentlerine hat iberip, adalatsyz tussag edilen bendileri boşatmaga çagyrdy

ABŞ-nyň senatorlary Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentlerine hat iberip, adalatsyz tussag edilen bendileri boşatmaga çagyrdy

Birleşen Ştatlaryň senatorlarynyň iki partiýaly topary Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentlerine ýörite hat iberip, COVID-19 keseliniň ýokary töwekgelçilikli döwründe adalatsyz tussag edilen bendileri boşatmaga çagyryş etdi.

Birleşen Ştatlaryň Senatynyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň websaýtynda 30-njy iýunda çap edilen habarda hatlaryň 29-njy iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, Gazagystanyň prezidenti Kassym-Jomart Tokaýewe, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmona we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe iberilendigi aýdylyar.

"Hormatly Prezident Berdimuhamedow, biz öz pikirlerini parahatçylykly beýan edendikleri üçin häzirki wagtda tussaglykda saklanýan bendileri, şol sanda talyp toparlarynyň agzalaryny, aktiwistleri we adam hukuklaryny gorap çykyş edýänleri boşatmagyňyzy soraýarys" diýlip, prezident Berdimuhamedowa iberilen hatda aýdylýar.

Şeýle-de, onda adamlar ýygnanyşmak, birleşmek we söz azatlygy hukuklaryny ulanandyklary üçin hiç haçan türmä basylmaly däldir diýlip, amerikan senatorlary Berdimuhamedowy "bu kanuny hereketler üçin häzir tussaglykda saklanýan türkmen raýatlaryny deslapky şertsiz boşatmaga çagyrýarlar".

12 sany amerikan senatory tarapyndan gol goýlan hatda parahatçylykly hereketler üçin tussag edilenleriň hemmesiniň ykbalyna üns çekilse-de, onda üç tussagyň ady aýratyn bellenilip geçilýär.

Olar Ömruzak Omarkulyýew, Gulgeldi Annaniýazow we Mansur Mingelow dagylar bolup, amerikan resmileri olaryň dessine azatlyga goýberilmegine çagyryş edýärler.

Türkmen häkimiýetleri tarapyndan Omarkulyýewiň 2018-nji, Annaniýazowyň 2008-nji we Mingelowyň 2012-nji ýylda tussag edilendigi habar berlipdi.

"Bu adamlary işleriniň mazmuny boýunça boşatmaga çagyrýarys, emma şu günki gün saglyk we ynsanperwer ýagdaýlar sebäpli aýratyn tiz hereket etmäge hem çagyrýarys. Ahli ýurtlar we raýatlar COVID-19 global pandemiýanyň täsirine düşen mahaly, ýapyk ýaşaýyş şertleri göz öňünde tutulanda, tussaglara abanýan howpuň gerimi has-da uludyr" diýlip, hatda bellenilýär.

Hata senatorlar Bob Mendez, Mitt Romney, Dick Durbin, Thom Tillis, Richard Blumenthal, Roger Wicker, Bob Casey Jr., Kirsten Gillibrand, Sherrod Brown, Patrick Leahy, Ben Cardin we Chris Van Hollen dagy gol goýdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Strategik taýdan möhüm sebit”. Ýewropa Parlamenti Merkezi Aziýa ýakynlaşmagy teklip edýär
Täjigistanda hökümet başlygynyň täze orunbasary bellendi
Hizbullah Ysraýyla Hüjüm Gurady
Habarçy: Uçar gatnawlary oktýabrda açylar, emma Türkiýä däl
Türkiýedäki türkmenler bilim, medeniýet we ýardam guramasyny döretdiler
Adam hukuklary boýunça ýygnakda Türkmenistanly ynsan hukuklaryny goraýjylar hökümete has işjeň basyş etmäge ÝHHG-ny çagyrdylar