AD Ports Group kompaniýasy taýýar gämilerini Hazar deňzine getirer

AD Ports Group kompaniýasy taýýar gämilerini Hazar deňzine getirer

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen AD Ports Group kompaniýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde porty dolandyrmak, logistikany ösdürmek we deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle-de Türkmenistanyň ulag ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýakynda Birleşen Arap Emirlikleriniň AD Ports Group kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.Duşuşykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen AD Ports Group kompaniýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde porty dolandyrmak, logistikany ösdürmek we deňiz ulagy pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle-de Türkmenistanyň ulag ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem kompaniýanyň taýýar gämilerini Hazar deňzine getirmek we täze gämileriň gurluşygyna maýa goýum goýmak boýunça teklipler öňe sürüldi. Mundan başga-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň Konteýner terminalyny uzak möhletleýin şertlerde AD Ports Group kompaniýasyna Ynançly dolandyryşa bermegiň mümkinçilikleri babatda pikir alyşyldy. Agzalan hyzmatdaşlyklaryň ugurlary babatda kompaniýanyň ýolbaşçysy tarapyndan türkmen tarapy bilen bilelikdäki kärhananyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar deňiz ulaglary ulgamynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

“Romanyň” eýesi “Premier Ligadan” bir klub satyn aldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýaş zehinli talybyň halkara üstünligi
Ukraina: "Russiýa degişli gözegçilik gämisine hüjüm guradyk" diýdi
Türkmenistanyň DIM-inde The Investor žurnalynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
Türkmen diplomaty we “The Investor” neşiri işewür gatnaşyklary pugtalandyrmagy maslahatlaşdylar
Arassa Nusga türkmen kärhanalaryna netijeli sanly gurallary durmuşa ornaşdyrmaga ýardam etdi