Adatdan daşary komissiýanyň maslahatyndan soňra Aşgabatda maska dakylyşyna gözegçiligi güýçlendirdiler

Adatdan daşary komissiýanyň maslahatyndan soňra Aşgabatda maska dakylyşyna gözegçiligi güýçlendirdiler

27-nji iýunda prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň kesellere garşy göreş boýunça adatdan daşary komissiýasynyň ýolbaşçylary–saglyk ministri Nurmuhammet Amannepesow we içeri işler ministriniň orunbasary Öwezdurdy Hojanyýazow bilen duşuşyp, Covid-19 ýokanjyny maslahatlaşdy.

Mundan soňra polisiýa Aşgabadyň köçelerinde ýüz örtgi dakylyşyna berk gözegçilige başlady diýip “Türkmenistanayň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Koronawirus keseli bilen bagly girizilen çaklendirmeleri aprel aýynda gowşatdylar we tertip-düzgüne gözegçilik edýän wekiller owal jerimeler salsalarda,maskany dogry geýmeýänlere ýakyn wagta çenli bellik etmediler.

Jokrama yssy başlandan soňra, Aşgabadyň etrapçalarynyň ýaşaýjylary binanyň töwereginde maskasyz gezdiler we ýakyndaky dükanlara hem maskasyz gitdiler. Ýöne, bulara hem hukuk goraýjylar üns bermediler.

Emma, 27-nji iýunda paýtagtyň ýaşaýyş etrapçalarynda köpsanly plisiýa peýda boldy we olar ýüz örtgi dakmak düzgünlerini bozanlary tutmaga başladylar. Şol sanda, 10,11 we 30-njy ýaşaýyş etrapçalarynda hem “Altyn asyr”bazarda adamlary tutdylar.

Kanun bozujylaryň ählisini golaýdaky polisiýa merkezine eltip, protokol ýazdylar we olara jerimeler salyndy. Onuň möçberi owalkysy ýaly 25 manada deň.

Mundan owal adatdan daşary komissiýanyň 19-njy iýundaky maslahatyndan soňra Aşgabat häkimliginiň wekilleri ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerindäki dükanlary ýapmaga başladylar.

Emma, dükan eýelerine munuň sebäbini düşündirmediler.The post Adatdan daşary komissiýanyň maslahatyndan soňra Aşgabatda maska dakylyşyna gözegçiligi güýçlendirdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň içeri işler ministriniň täze orunbasary wezipä bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna we Içeri işler ministrine berk käýinç yglan edildi
Berdimuhamedow IIM-e ahyrky duýduryş bilen berk käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti içeri işler ministrine berk käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň sebitlerinde ýangyna garşy 8 sany howpsuzlyk nokady gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti täze harby desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy