Howanyň üýtgemegi netijesinde Alp daglarynyň ýaşyl bossana bürenendigi kosmosdan hem görünýär. Daglaryň garlyk üsti gitdigiçe gök ösümliklere beslenýär diýip, Science neşiri habar berýär.
Emeli hemralardan alnan suratlar Alplardaky gök zolagyň 1984-nji ýyldan bäri 77 göterim artandygyny görkezýär.
Şweýsariýanyň Bazel institutynyň hünärmenleriniň geçiren barlaglary howanyň derejesiniň ýokarlanmagy we ygalyň köp düşmegi ösümlikleriň köpelmek döwrüni uzaldýar. Olar gitdigiçe gürelýärler we barha giň çäklere ýaýraýarlar.
Howanyň maýlamasy daglyk etraplarda dünýäniň beýleki sebitlerine garanyňda has çalt dowam edýär. Alplaryň ýaşyllyga bürenmeginiň oňyn täsiri hem bar — ösümlikler has köp kömürturşy gazyny sorup alar.
Ylmy-barlaglar şeýle-de daglaryň gar örtükleriniň barha azalýandygyny görkezdi. Alplar eýýäm garlyk meýdanlarynyň 10 göterimine golaýyny ýitirdi, bu bolsa howsala döredýär. Alymlar daglaryň ösümlikler bilen örtülmeginiň ýerli ýaşaýjylar üçin howp salýandygyny aýdýarlar. Ýagny işjeň gar eremesi suw süýşgünleriniň we daş ýagmasynyň artmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar.