Ahal Altyn asyry ýeňlişe sezewar etdi

Ahal Altyn asyry ýeňlişe sezewar etdi

Sişenbe güni Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky Sport toplumy stadionynda Altyn asyr we Ahal toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bolup geçdi. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyryndan orun alan oýun 2:1 hasabynda Türkmennebitönümleri Baş müdirligine degişli Ahalyň peýdasyna tamamlandy.

Oýundaky hasap birinji ýarymda açyldy. Has takygy, 11-nji minutda aragatnaşykçylaryň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow tapawutlandy. Aradan dokuz minut geçenden soňra, Ahalyň ýarymgoragçysy Elman Tagaýew hasaby deňledi.

Türkmenistanyň häzirki çempionyna ýeňiş getiren goly bolsa, 88-nji minutda goragçy Ata Geldiýew derwezä ýollady.

Oýnuň ahyrky minutlarynda emin tarapyndan ikinji sary duýduryş görkezilen Altyn asyryň tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew öz meýdançasyny wagtyndan öň terk etmäge mejbur boldy.

Şeýlelikde, utuklarynyň sany 20-ligine galan Altyn asyr turnir tablisasynda ikinji orny eýeläp dur. Utuklarynyň sanyny 6-a ýetiren Ahal bolsa dokuzynjy ýerde barýar. Ýaryş jedweliniň başyny 24 utuk bilen Arkadag topary çekýär.

Altyn asyr Ahal 1:2

Gollar: Wahyt Orazsähedow, 11 Elman Tagaýew, 20 (pen), Ata Geldiýew, 88.

Ýene degişli makalalar

Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
TÝL ― 2023: 11-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: 16-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TFÇ ― 2024: Ahal dokuzynjy ýeňşini gazandy