Ahal welaýatynda polisiýa işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary açylyp, ulanmaga berildi

Ahal welaýatynda polisiýa işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary açylyp, ulanmaga berildi

Türkmenistanyň 30 ýyllyk toýy toýlanmagynyň bosagasynda Ahal welaýatynda ýene-de täze gurlan jaýlar ulanylmaga berildi. Mysal üçin, 48 öýli dört gatly jaý Ahal welaýat polisiýa müdirliginiň we onuň bölümleriniň işgärleri üçin Aşgabadyň Demirbetonönümleri kärhanasy tarapyndan doly taýyn edilip tabşyryldy.

Ilatyň rahat ýaşamagy üçin ähli zerur şertler döredilen ýaşaýyş toplumynyň meýdany 8179 inedördül metre barabar. Onuň gurluşygy üçin häzirki zaman enjamlary we ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylyp, şunuň ýaly taslamalarda uly tejribe toplan ussat hünärmenler işe çekildi.

Nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy Ahal welaýat merkezinde, häzirki zaman şäher infrastrukturasyny döretmek ugrunda ýene bir ädimdir. Ýaşaýyş jaý gurluşygy we sebitleriň hemmetaraplaýyn ösüşi boýunça maksatnamalardyr taslamalaryň çäklerinde senagat, durmuş we medeni maksatly köpsanly desganyň bina edilýändigini, şäherleriň, obalaryň abadanlaşdyrylýandygyny bellemelidiris.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Şu ýyl Büzmeýinde 22 sany ýaşaýyş jaýy ulanylyşa berler
Büzmeýin etrabynda ýüzlerçe maşgala jaý toýuny toýlar
Ahalda täze jaýlaryň sany artýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi