Büzmeýin etrabynda ýüzlerçe maşgala jaý toýuny toýlar

Büzmeýin etrabynda ýüzlerçe maşgala jaý toýuny toýlar

Şu ýyl Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda gurluşyk panellerinden gurlan 22 sany dört gatly ýaşaýyş jaýy ulanylyşa berler. Birnäçe ýüz maşgala gowulandyrylan gurluşly we giň meýdanly 2-3 otagly amatly öýlere göçüp barar.

Demirbetonönümleri önümçilik birleşigi Senagat köçesindäki ýaşaýyş toplumyny gurmagyň birinji tapgyrynda eýýäm 32 öýli ýigrimi sany ýaşaýyş jaýyny gurdy.Iki sany jaý köp çagaly maşgalalar üçin ulanylyşa berildi.Büzmeýiniň bu köçesinde ýene 13 sany dört gatly binanyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.

Gurluşyk toparlary Büzmeýin etrabynyň Altyn asyr köçesinde maýyplar üçin dört gatly 42 öýli binanyň, şeýle hem kömege mätäç maşgalalar üçin ýene 32 öýli binanyň gurluşygyny tamamlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Şu ýyl Büzmeýinde 22 sany ýaşaýyş jaýy ulanylyşa berler
Ahal welaýatynda polisiýa işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlary açylyp, ulanmaga berildi
Ahalda täze jaýlaryň sany artýar