Ahalyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär

Ahalyň Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022-niň 1-nji tapgyrynyň çäginde anna güni Jidda şäherinde Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Şabab Al-Ahliniň arasynda duşuşyk bolar.

Turkmenportala mälim bolşy ýaly, duşuşykda eminleriň halkara topary işlär. Duşuşygyň baş emini 42 ýaşly FIFA derejeli hünärmen Rowan Arumugan (Hindistan) bolar. Oňa Arun Pillai (Hindistan) bilen Mohamad Zairul bin Halil Tan (Malaýziýa) ýardam berer. Ätiýaçdaky emin bolsa Muhammed Nazmi Nasaruddin (Malaýziýa) bolar.

8-nji aprel güni gije sagat 01:15-de ýaňlanjak başllangyç tüýdügiň owazy bilen Ahal taryhyndaky ilkinji gezek Çempionlar ligasyndaky duşuşygyna girişer.

Duşuşygyň Täjigistanyň Futbol teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda görkeziljekdigini ýatladýarys. Bu ýaýlym Türkmenistanyň çägindäki IPTV-de elýeterlidir.

Ýene degişli makalalar

“Belet” 10 müňe golaý filmi IPTV ulanyjylara elýeterli etdi
Матч ТВ Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezer
Futbol teleýaýlymy AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky Ahal ― Şabab Al-Ahli duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer
Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary üçin telefon ulgamyna onlaýn töleg etmek hyzmaty girizildi
Ýewropa ligasynyň final duşuşygyna Türkmenistanda haýsy ýaýlym arkaly tomaşa edip bolar?
Türkmenistanda rus kanallarynyň ýaýlymy gaýtadan ýola goýuldy