Ýewropanyň Çempionlar ligasy ýene-de ekranlara gaýdyp gelýär. Türkmenistanda IPTV arkaly elýeterli bolanRussiýanyň Матч ТВ we Матч! Футбол 1 teleýaýlymlary ýaryşyň çärýek final duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezer. Bu tapgyryň ilkinji duşuşyklary eýýäm şu gije oýnalar.
Матч ТВ futbol janköýerlerine Hosep Gwardiola bilen Diego Simeoneniň şägirtleriniň gapma-garşylygyny ýetirer. Mançester Siti ― Atletiko duşuşygy gije sagat 00:00-da başlanar.
Матч! Футбол 1 teleýaýlymynda bolsa Muhammet Salahly Liwerpul Benfikanyň myhmany bolar.
6-njy aprel gijesinde Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň çärýek final duşuşyklary Çelsi bilen Realyň, Wilýarreal bilen Bawariýanyň arasyndaky duşuşyklar bilen dowam eder. Bu duşuşyklaryň ilkinjisi Матч ТВ, ikinjisi Матч! Футбол 1 ýaýlymy arkaly futbol janköýerlerine ýetiriler. Iki duşuşyk hem gije sagat 00:00-da başlanar.
