Ahalyň topardaşy AÇL-de pleý-offa çykan ilkinji topar boldy

Ahalyň topardaşy AÇL-de pleý-offa çykan ilkinji topar boldy

Ahalyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky topardaşy ― Birleşen Arap Emirlikeriniň Al-Aýn futbol topary ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykan ilkinji topar boldy.

Ýaryşyň şu möwsüminde geçiren dört duşuşygynyň hiç birinde-de utuk ýitirmedik topar dört duşuşykda toplan 12 utugy bilen ýaryşyň pleý-off tapgyryna adyny ýazdyrmagy başaran ilkinji topar boldy. Al-Aýn düýn hem myhmançylykda Saud Arabystanynyň Al-Feýhasyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

Toparçanyň beýleki wekillerinden Pahtakor bilen Ahalyň 4, Al-Feýhanyň bolsa 1 utugy bagy. Şonuň üçin hem mundan beýläk toparçada birinji orun ugrunda ýiti göreş gider. Günbatar sebitde toparçada ikinji orny eýelän iň gowy toparlaryň üçüsiniň ýaryşy dowam etdirip biljekdigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

14-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
Aşgabatda howanyň 0 gradusdan pese düşmegine garaşylýar, Raşid Meredow Moskwada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşdy, türkmen talyplary SpellingBee bäsleşiginiň ýeňijisi boldular we beýleki habarlar
TÝL ― 2023: AFK-daky duşuşyklaryny tamamlan Ahal bilen Merw özara güýç synanyşar
Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky soňky oýnuny Al-Aýn bilen geçirer
Türkmenistan AFK-nyň klublaýyn reýtingindäki netijesini gowulandyrýar
AÇL 2023/24: “Ahal” “Al-Feýhanyň” myhmany bolar