AIPS 2021-nji ýylyň iň gowy futbol toparyny yglan etdi

AIPS 2021-nji ýylyň iň gowy futbol toparyny yglan etdi

Sport žurnalistleriniň halkara assossiasiýasy (AIPS) Italiýanyň milli ýygyndysyny 2021-nji ýylyň iň gowy topary diýip yglan etdi. Bu barada guramanyň resmi saýtynda habar edilýär.

Italiýalylar Ýewro-2020 çempionatynda ýeňiji boldular.Olaryň peýdasyna 767 adam ses berdi.Ikinji ýerde 503 ses alan Mýunheniň Bawariýasy ýerleşdi. Üçlügi 459 ses bilen Argentinanyň milli ýygyndysy jemledi.

Geçen ýylda Messi we onuň watandaşlary Amerikanyň Kubogynda altyn medal gazandylar.Dördünji orny Çempionlar ligasynyň ýeňijisi Çelsi eýeledi.Tomas Tuheliň topary 370 ses aldy.Iň gowy toparlaryň bäşligini 257 ses bilen Liwerpul jemleýär.

Iň gowy futbola degişli bolmadyk topar hökmünde ABŞ-nyň basketbol boýunça erkekler ýygyndysy saýlandy.Olar Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandylar.

Ýene degişli makalalar

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
ÝÇL-iň ilkinji çärýek finalçylary belli boldy
Ýene bir ýeňiş Baýeri Bundesliganyň çempionyna öwrer
Türkmenistanyň GFR-daky konsulynyň Bawariýa federal ýerine iş sapary
Türkiye Germaniýa gynanç bildirdi
Türkmenistanyň konsuly Bawaiýanyň döwlet ministri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy