“AirHelp” dünýäniň iň gowy howa menzilini saýlady

Howa ýolagçylarynyň hukuklaryny goraýan halkara guramasy “AirHelp” dünýäniň howa menzilleriniň we awiakompaniýalarynyň sanawyny mälim etdi.

Daniýanyň “AirHelp” kompaniýasy 194 howa menziliniň infrastrukturasynyň seljermesi esasynda ýyllyk sanawy düzdi. “AirHelp”, esasan, hyzmatlaryň hili, uçuşlaryň gijikmeginiň ortaça mukdary we müşderilerde ýüze çykýan meseleleri çözmek ýaly görkezijilere baha berdi.

Omanyň Maskat halkara howa menzili 8,54 bal bilen dünýäniň iň gowy howa menzili diýlip yglan edildi. Sanawda Braziliýanyň Resifi şäherindäki Žilberto Freýre halkara howa menzili (8,49) ikinji orny, Keýptaunyň halkara howa menzili (8,48) üçünji orny eýeledi. Sanawda 6,39 bal bilen Indoneziýanyň Syamsudin Nur halkara howa menzili iň soňky orny eýeledi.

“AirHelp Score 2023” dünýäniň täjirçilik maksatly awiasiýa pudagynda işleýän 83 awiakompaniýa hem baha berdi.

“Qatar Airways” 8,38 bal netije bilen iň gowy kompaniýa diýlip yglan edildi, ikinji ýeri Germaniýanyň “Eurowings” awiakompaniýasy eýeledi (8,27). Ilkinji üçlüge Polşanyň LOT (8,11) howa ýollary birikdi. Iň soňky orunda 4,12 bal bilen Tunis howa ýollary gelýär.

Ýene degişli makalalar

Bernar Arno dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny çekdi
“Bloomberg”: dünýäniň 500 baýy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň wekiliýeti Maskat şäherinde geçirilen halkara sergä we maslahata gatnaşdy
Türkmen tennisçileri Omanda geçirilen halkara ýaryşda 6 medal gazandylar
Türkmenistanly tennisçi Omanda geçirilen halkara ýaryşda altyn medala mynasyp boldy