Ajy şokoladyň uly ýaşly adamlara peýdasy ýüze çykaryldy

Ajy şokoladyň uly ýaşly adamlara peýdasy ýüze çykaryldy

Alymlar dürli iýmitleriň saglyga ýetirýän peýdalaryny ýüze çykarmagyny dowam etdirýärler. Bu gezek geçirilen barlagyň netijesinde, gara şokoladyň uly ýaşly adamlaryň saglygyna oňyn täsiri ýüze çykaryldy diýip, pcnews.ru habar berýär.

Ylmy işe 50 ýaşdan 64 ýaş aralygyndaky 50 müň meýletinçi gatnaşdy.Barlagçylar olardan bir aýyň dowamynda hepdede alty gezek 30 gram gara şokolad iýmegi haýyş etdiler.Bu önümi yzygiderli sarp etmegiň akyl ýetirme ukybyny ýokarlandyrýandygy anyklanyldy.

Mundan başga-da, ajy şokolad diňe garrylar üçin däl, eýsem, türgenler üçinem peýdalydyr. Ýagny günde, takmynan, 10 gram gara şokolad iýmek çydamlylygyň ýokarlanmagyna getirýär we welosiped sürýänleriň pedaly aýlama tizligine täsir edýär.

Ýene degişli makalalar

01.10.2020 | Türkmen alabaýy—milli mirasymyz we buýsanjymyz
Türkmen alabaýy—milli mirasymyz we buýsanjymyz
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Tiirkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
06.11.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy oba hojalykçylary "Watana bolan söýgüsi üçin" medaly bilen sylaglady
Oba hojalygynyň zähmetkeşleri Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglanyldy
Agyz suwunyň täze gözbaşlary açyldy