Ak bugdaý etraby $1 mln pul baýragy bilen sylaglandy, sebitde 'abadanlaşdyryş işleri' ýaýbaňlanýar

Ak bugdaý etraby $1 mln pul baýragy bilen sylaglandy, sebitde 'abadanlaşdyryş işleri' ýaýbaňlanýar

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň duýdansyz saparynyň yz ýany, 2023-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap yglan edilip, 1 million dollar möçberinde pul baýragy bilen sylaglanan Ak bugdaý etrabynda abadanlaşdyryş işleri ýaýbaňlanýar.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosy geçen hepdede prezident Berdimuhamedowyň 31-nji ýanwarda duýdansyz iş sapary bilen Ak bugdaý etrabynda bolandygyny habar berdi.

Munuň yz ýany, 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin hökümet mejlisinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby 2023-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap yglan edilip, 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu günler etrabyň çäginde abadanlaşdyryş işleriniň ýaýbaňlandyrylýandygyny, şeýle çäreleriň ilat arasynda käbir başagaýlyklary döredýändigini habar berýärler.

Häkimiýetler etrap merkezi bolan Änew şäherinde hojalyklara aýlanyp, käbir arassaçylyk we abadanlaşdyryş tabşyrklarynyň berjaý edilmegini talap edýärler.

Birinjilik bilen, howly jaýlarynyň haýatlarynyň beýikliginiň 1 metr 20 santimetrden belent bolmazlygy, beýik haýatlaryň ýykylmagy talap edilýär.

Şeýle-de, etrap merkeziniň günorta-günbatar sebitlerinde ýerleşýän täze kottež jaýlarynyň üçekleriniň beýikligi deňleşdirilmeli edilýär. Üçekler deň belentlikde bolmaly. Bu talaplar häkimiýetler tarapyndan ýaşaýjylara duýdurylýar. Belent üçegi bolan jaýlaryň üçekleriniň ýykylyp, gaýtadan oňarylmagy talap edilýär.

Galyberse-de, jaýlaryň howlularyndaky miweli baglaryň sökülip, olaryň ornuna saýaly baglaryň oturdylmagy talap edilip başlandy. Häkimiýetler öz talaplarynyň sebäplerini düşündirmeýärler.

“Biz bilemizok, ýokardan görkezme şeýle. Biz bir ýumuş oglany, berlen buýruklary ýerine ýetirýäris” diýip, ýerli ýaşaýjylar häkimiýet wekilleriniň aýdan sözlerini getirýärler.

Abadanlaşdyryş işleri bilen bagly ähli çykdajylar ýerli ýaşaýjylaryň şahsy harajatlarynyň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Täze gurluşyk talaplary ýerli ýaşaýjylaryň arasynda başagaýlyklara getirýär.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 9-njy fewralda Ak bugdaý etrabynyň ilatyna iberen gutlag hatynda bu etrabyň durmuş, ykdysady we medeni taýdan ýurduň has depginli ösýän etraplarynyň biri bolandygyny aýtdy.

“Bu etrapda durnukly ykdysady ösüş gazanylýar. Sanly ulgam giňden ornaşdyrylyp, innowasion tehnologiýaly täze önümçilikler döredilýär. Telekeçilik işiniň netijeliligi ýokarlandyrylýar, ilkinji nobatda bolsa, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ösdürilýär” diýip, prezidentiň hatynda aýdylýar.

Şeýle-de, prezident etrabyň çäginde ýerleşýän ýyladyşhanalaryň, maldarçylyk toplumynyň, azyk önümleri kärhanalarynyň hem-de senagat we energetika desgalarynyň işine ýokary baha berip, ýerli ilaty gazanan üstünlikleri bilen gutlady.

Türkmenistanda her ýyl etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda bäsleşik yglan edilýär, ýeňijiler bir million amerikan dollary möçberinde pul baýraklary bilen sylaglanýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň merkezi, gadymy Änew şäheri 2022-nji ýylda Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl üçin “türki dünýäsiniň medeni paýtagty” yglan edildi.

Resmi habarlarda aýdylmagyna görä, bu mynasybetli Ak bugdaý etrabynda öňümizdäki aý geçiriljek dürli halkara medeni çärelere taýýarlyklyk görülýär.

Şäherde belent haýatlaryň ýykylmagy, kottež jaýlardaky beýik üçekleriň renowasiýa edilmegi hem halkara dabaralara görülýän taýýarlyk çäreleriniň dowam edýän wagtynda amal edilýär.

Resmi maglumatlara görä, TÜRKSOÝ guramasynyň ýaňy ýakynda Aşgabada sapar eden ýokary derejeli wekiliýeti “Änew türki dünýäsiniň medeni paýtagty 2024” ýylynyň açylyş dabarasynyň mart aýynda geçirilmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Bu mynasybetli şäherde teatr festiwalynyň, film festiwalynyň, metbugat forumynyň, suratkeşleriň we suratçylaryň duşuşygynyň, hem-de başga-da birnäçe çäreleriň geçirilmegine garaşylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary prezident Berdimuhamedowyň 31-nji ýanwarda Ak bugdaý etrabyna amala aşyran saparynyň dowamynda, özüniň indiki saparyna çenli etrap merkeziniň durkunyň täzelenilmegini talap edendigini aýtdy.

Habarçylarymyz şonda, duýdansyz saparyň edil öňüsyrasynda, Änew şäherinde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylandygyny, jaýlaryň diwarlarynyň we howly haýatlarynyň ak reňke, derwezeleriň bolsa ýaşyl reňke boýadylandygyny habar berdiler.

Mundan ozal, Türkmenistanda 2022-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby, 2021-nji ýyl üçin bolsa, Lebap welaýatynyň Dänew etraby iň gowy etrap yglan edilipdi. Ýeňiji etraplara her ýyl 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýraklary berilýär. Ýerli ýaşaýjylar köplenç öz etraplaryna berlen pul baýraklarynyň haýsy harajatlara harçlanýandygyny bilmeýändiklerini aýdýarlar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Mary şäheri hem 2015-nji ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan “türki dünýäsiniň medeni paýtagty yglan edilipdi.

Paýtagt Aşgabadyň gündogar eteginde ýerleşýän Änew şäheri, Ahal welaýatynyň öňki dolandyryş merkezi bolup, welaýat merkezi 2022-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Arkadag şäherine geçirildi.

2008-nji ýylda etrapdaky şäher statusyna eýe bolan Änew şäheri Ak bugdaý etrabynyň merkezidir. Änew şäheri hususan-da Ak bugdaý muzeýi we uly arheologiki toplumy bolan Änew galasy bilen tanalýar. Änewiň depelerinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri möhüm artefaktlaryň üstüni açdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Änew şäherinde agyz suwunyň hili ýaramazlaşýar
Halkara gatnaşyklary institutynda Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Sahnada Gilgameş atly spektakly
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
Ankarada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çärelere badalga berildi
Ankarada geçirilen medeni-köpçülik çäreleri