“Ak Işan” aramgähine tölegsiz awtobus gatnawlary ýola goýuldy

“Ak Işan” aramgähine tölegsiz awtobus gatnawlary ýola goýuldy

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Ak Işan” aramgähine zyýarat etmek isleýän raýatlar üçin tälegsiz awtobus gatnawlary ýola goýuldy. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi çarşenbe güni habar berdi.

Haýyr-sahawat maksatly ýörite awtobus gatnawlaryny “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Sarwan” hususy kärhanasynyň goldawy bilen gurnady.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýörite awtobus gatnawy 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 26-njy apreli aralygynda, her hepdäniň dynç günleri zyýaratçylar üçin doly tölegsiz esasda amala aşyrylar.

Gatnaw tertibine görä, awtobuslar Aşgabat şäheriniň "Wokzal" awtoduralgasyndan sagat 08:00-da ugraýar we yzyna, “Ak Işan” aramgähinden paýtagta tarap sagat 15:00-da ýola düşýär.

Gatnawlar barada has giňişleýin maglumat almak isleýän raýatlar +99361-49-34-95, 44-35-20 telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilerler.

Ýene degişli makalalar

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi
Hepdäniň möhüm wakalary: Türkmenistanda hususy awtoulaglaryň sürüjileri örtüklerini aýyrdylar, TDMG-niň harby gullukçylaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy geçirildi, Kataryň ilçihanasy 3 sany awtoulagy satuwa çykardy we beýleki habarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy 1-nji iýuldan içki gatnawlaryň sanyny köpeltdi
Iýuldan başlap Türkmenistan awiakompaniýasy Russiýa hepdede 4 gezek uçuş edip başlady
Türkiýe Bilen Ysraýylyň Arasynda Howa Gatnawy Boýunça Ylalaşyk Gazanyldy
Özbegistandan Russiýa awtobus gatnawlary gaýtadan dikeldilýär