Ak Ýol Computers kompýuter tehnikasynyň, goşmaça esbaplarynyň we aksessuarlarynyň ähli görnüşlerini hödürleýär

Ak Ýol Computers kompýuter tehnikasynyň, goşmaça esbaplarynyň we aksessuarlarynyň ähli görnüşlerini hödürleýär

Kompýuter tehnikasynyň we goşmaça esbaplarynyň dükany Ak Ýol Computers ofis tehnikasynyň (kompýuterler, monobloklar, noutbuklar, printerler, skanerler) we olara degişli goşmaça tor enjamlarynyň, audio, wideo we fototehnikalaryň, goşmaça esbaplaryň, smartfonlaryň, smart-sagatlaryň, gulaklyklaryň, şeýle hem hojalyk tehnikalarynyň, maglumat göterijileriň, çagalar üçin öwrediji harytlaryň we dürli aksessuarlaryň baý görnüşlerini hödürleýär.

Dükandaky hödürlenýän harytlaryň ählisine 1 ýyla çenli kepillik berilýär, mundan başga-da, Aşgabadyň islendik nokadyna we beýleki welaýatlara mugt eltip bermek hyzmaty amala aşyrylýar.

Dükanyň sowatly we tejribeli satyjylary islendik mesele boýunça maslahat bermäge hem-de islendik görnüşli we bahaly tehnikalary saýlap almakda kömek etmäge hemişe taýýardyrlar. Mundan başga-da, dükanyň ýanynda hyzmat ediş merkezi hereket edýär, bu ýerde tehnikalary bejermek, sazlamak we kartrijleri doldurmak işleri amala aşyrylýar.

Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda Ak Ýol Computers dükany harydyň tölegini 3 aýdan 1 ýyla çenli möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini resmileşdirmäge şert döredýär.

Harytlaryň tölegini nagt serişdeler bilen hem, POS-terminaly arkaly ýa-da gönüden-göni saýtda bank karty bilen hem, şeýle-de milli we daşary ýurt walýutasynda (daşary ýurt guramalary üçin) hem geçirmek mümkindir.

Onlaýn-söwdanyň muşdaklaryna ýeňillik döretmek üçin Ak Ýol Computers dükany hususy internet-dükanyny ýola goýdy, onda oflaýn-nusgada hödürlenýän harytlaryň ähli görnüşleri ýerleşdirilendir. Maslahatçy onlaýn tertipde ähli gyzyklandyrýan sowallaryňyza jogap berer, sargyt resmileşdirilenden soňra bolsa eltip bermek hyzmaty bellenen islendik nokada iň gysga wagtda amala aşyrylar.

Dükanda ýa-da saýtda zerur harydyň bolmadyk ýagdaýynda Ak Ýol Computers ony daşary ýurtdan sargyt etmek we Aşgabada ýa-da Türkmenistanyň beýleki şäherlerine eltip bermek mümkinçiligini döredýär.

Ak Ýol Computers dükanynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, 11-nji kiçi etrapça, A.Nyýazow köç., 44, Söwda Işewürlik Merkezi binasy, 2-nji gat.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Elektron poçta: akyolwebsite@gmail.com

Ýene degişli makalalar

PostShop marketpleýsi Aşgabatda ilkinji oflaýn-dükanyny açdy
Post Shop onlaýn dükany harytlaryň köp dürli görnüşlerini hödürleýär we Türkmenistanyň ähli künjegine eltip berýär
Onlaýn söwdada hilegärlik hadysalary rowaç alýar
Post Shop: önümleriň dürli görnüşleri we onlaýn söwda üçin amatly şertler
Aşgabatda öý üçin niýetlenen önümleriň Parlak internet-dükany açyldy
EuroHome TM: Schütte duş ulgamlary bilen tropik çabganyň güýjüni duýuň