Akbar Sedghi: Eýran türkmen bazaryna egin-eşikleri eksport edýär

Akbar Sedghi: Eýran türkmen bazaryna egin-eşikleri eksport edýär

Eýranda öndürilen egin-eşik önümleri Türkmenistana hem eksport edilýär. Bu barada Eýranyň Tikinçiler birleşiginiň başlygy Akbar Sedghi bu pudakda alnyp barylýan işler hakynda ýurduň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisä beren hasabatynda mälim etdi.

Mehrnews eýran habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Akbar Sedghi ýurtda öndürilýän egin-eşik önümleriniň hiliniň ýokarlanmagy bilen ugurdaş önümleriň Türkiýeden importynyň azalandygyny belledi hem-de häzirki wagtda Eýranda öndürilýän egin-eşikleriň Türkiýä eksport edilýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, Akbar Sedghi Eýranda öndürilen egin-eşikleriň, esasan, Türkmenistana, Russiýa, Türkiýä, Siriýa, Yraga, Özbegistana we Birleşen Arap Emirliklerine eksport edilýändigni nygtady.

Ýeri gelende bellesek mundan ozal häzirki eýran senenama ýylynyň ilkinji ýedi aýynda Eýranyň Türkmenistana 251,134 million dollarlyk nebitden daşary haryt eksport edendigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

“Ýeňiş” tikin fabrigi ýedi aýda 25 million manatlyk önüm öndürdi
Ferrari özüniň ilkinji eşik söwda ulgamyny açdy
Ferrari moda egin-eşikleri liniýasyny işe girizdi we restoran açdy
Bäsdeşlige ukyply önümler bazardaky ornuny pugtalandyrýar
Tikinçilik
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany