Alaýyň sport direktory toparyň AFK-nyň kubogyndaky maksatlary barada aýtdy

Alaýyň sport direktory toparyň AFK-nyň kubogyndaky maksatlary barada aýtdy

Gyrgyzystanyň Alaý futbol toparynyň sport direktory Irakli Hwedeliani Sport.kg saýtynda toparyň AFK-nyň kubogy ― 2021-däki garşydaşlary barada pikirlerini beýan etdi. Gyrgyz topary yklymyň ikinji derejeli ýaryşyndan Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň wekilleri bilen duşuşar.

― Toparçanyň ýagdaýy biziň üçin garaşylmadyk netije däl.Garşydaşlarymyz güýçli. Özbek toparlary bolsa tutuş Aziýada hem güýçli bäsdeşligi bilen meşhurdyr.Hujand ― Täjigistanyň wise-çempiony.Topar uzak wagtlap milli çempionatda öňdebaryjylygy saklaýar.

Altyn asyr hem soňky ýyllarda Türkmenistanyň çempionatynyň iň rüstem topary.Mahlasy, garşydaşlarymyzyň ählisi örän güýçli.Her bir duşuşyga garşydaşymyza görä aýratyn taýýarlanarys.Mümkin boldugyndan, gowy netije gazanmak üçin zerur taktikalary seljereris.

Toparymyz heniz Aziýada kanagatlanarly netijeleri gazanyp biledi. Ýöne biz yklym ýaryşlaryndaky taryhymyzy täzeden ýazmak isleýäris. Bu maksada ýetmek üçin täze, güýçli topar düzmegiň üstünde işleýäris. Täze möwsümiň taktikasy hem üns merkezindäki esasy ýagdaýlaryň biri. Janköýerlerimiziň garaşýan oýnuny orta goýmak üçin elimizden gelenini gaýgyrmarys.

AFK-nyň kubogynyň täze möwsümi üçin bije çekilişigiň 27-nji ýanwarda bolandygyny ýatladýarys. Gyrgyzystanyň kubogynyň häzirki eýesi Alaý F toparçada Özbegistanyň AGMK ýa-da Nasaf, Türkmenistanyň Altyn asyr, Täjigistanyň Hujand toparlary bilen duşuşar.

Yklym ýaryşynyň toparçalaýyn duşuşyklary 14 ― 20-nji maý aralygynda geçirilse, toparçalaryň ýeňijileri biri-biri bilen 11-nji we 25-nji awgustda duşuşar. Zolagyň çempiony ýaryşy dowam etdirmäge hukuk gazanar.

Ýene degişli makalalar

AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko 59 ýaşady, türkmen paýtagtynyň günortasynda AŞGABAT ýazgysy peýda bolar, Aşgabatda Halkara ýoga güni bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistan Erteki gürrüň berijilik sungaty boýunça Aziýa komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy, ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri geçirdi we beýleki habarlar
AFK-nyň kubogy 2023/24: Merw ― Alaý duşuşygynyň geçiriljek ýeri belli boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäherinden Aşgabada dolanyp geldi, 2024-nji ýylda Gyrgyzystan Türkmenistandan 1,7 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny import etmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar
Merw AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň Alaýyndan üstün çykdy