Aleksandr Zwerew Daniil Medwedewi ýeňip, ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň çempiony boldy

Aleksandr Zwerew Daniil Medwedewi ýeňip, ATP-niň Jemleýji ýaryşynyň çempiony boldy

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew Tennis hünärmenleri birleşiginiň (ATP) Jemleýji ýaryşynyň finalynda dünýäniň üçünji raketkasy Aleksandr Zwerewden asgyn geldi. Ýaryşyň final oýny Turin şäherinde geçirildi diýip, 360tv.ru habar berdi.

Bu ýaryşyň baýrak gaznasynyň 7,2 million dollardygyny bellemelidiris. Häzir Daniil Medwedew dünýäniň ikinji raketkasy diýen ady eýeleýär we ol bassyr ikinji ýyl bu ýaryşyň finalyna çykýar. Bu gezekki final duşuşygy bir sagat 15 minut dowam etdi. Rus sportçusy germaniýaly garşydaşyndan 4:6, 4:6 hasabynda ýeňildi.

Netijede, Medwedew çempionlyk titulyny gorap bilmedi. Mundan bir ýyl ozal ol Awstriýanyň wekili Dominik Timden üstün çykyp, ATP-niň Jemleýji ýaryşynda ýeňiji bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýaly tennisçi Medwedew dünýäniň birinji raketkasy boldy
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Daniil Medwedew ATP-niň reýtinginiň başyna geçdi
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar