Alen Delonyň öýünde köp sanda ýarag ele salyndy

Alen Delonyň öýünde köp sanda ýarag ele salyndy

Aktýoryň ýurduň paýtagty Pariž şäheriniň 135 km günortasyndaky Duşi-Monkorbondaky öýünde şeýle hem atyşhana tapyldy.

Sişenbe güni geçirilen barlag kazyýet tarapyndan ugradylan resmileriň biriniň Alen Delonyň öýünde ýarag görmegi we kazyýete habar bermegi netijesinde geçirildi.

Prokurorlar Alen Delonyň ýarag rugsatnamasynyň bolmandygyny habar berdiler.

Alen Delonyň saglyk ýagdaýy ysmaz geçirmeginden soň erbetleşdi. Fransiýanyň metbugatynyň habar bermegine görä aktoryň aýan edilmedik saglyk boýunça başgada bir näsazlygy bar.

Maşgalanyň içindäki düşünişmezçilikler hem Fransiýada soňky wagtlarda gün tertibe gelýär.

Aktýoryň üç çagasy biri-birlerine garşy dil ýetirmelerini, aýyplamalaryny we gizlin ýazgylaryny halk köpçülige ýetirmekleri bilen birlikde, öz aralarynda kanuny söweş alyp barýarlar.

Ýene degişli makalalar

Alen Delon aradan çykdy
Aşgabatda Uruş ýyllarynyň aýdymlary ýaňlanar, Türkmenistanda iň owadan ahalteke aty saýlandy, Arkadag futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň sanawynda birinji orna çykdy we beýleki habarlar
Jeki Çan supergahrymanyň keşbini ýerine ýetirmek isleýändigini gürrüň berdi
Dolf Lundgren kino alynýarka Siwester Stallonäni ýençmek isländigini boýun aldy
Maýkl Duglas Kann kinofestiwalynyň hormatly baýragyny aldy
Arnold Şwarseneggeriň ogly Called to Duty filminde baş keşpde surata düşdi