Aliýew: "Azerbaýjan-Türkiye umumy uniwersitediň gurulmagy möhüm ähmiýete eýedir" diýdi

Aliýew: "Azerbaýjan-Türkiye umumy uniwersitediň gurulmagy möhüm ähmiýete eýedir" diýdi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, paýtagt Baku şäherine baran Türkiyäniň Milli Bilim ministri Mahmut Özeri kabul etdi.

Koronawirus epidemiýasy sebäpli göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda Ilham Aliýew, Türkiye bilen Azerbaýjanyň bilim ugrundaky hyzmatdaşlyklarynda uly sepgitlere ýetendigini belläp: "Azerbaýjan-Türkiye umumy uniwersitediň gurulmagy möhüm ähmiýete eýedir" diýip nygtady.

Türkiye bilen Azerbaýjanyň iň kyn wagtlarda biri-biriniň ýanynda durup, bir millet bolmak aýratynlygyny bütin dünýä ençeme gezek görkezendigini aýdan Türkiyäniň Milli Bilim ministri Mahmut Özer hem, kärdeşi Emin Amrullaýew bilen gatnaşyklary has hem ösdürmek üçin tagalla edýändiklerini belläp: "Hünär bilimi başda bolmak bilen Türk Bilim ulgamyndaky özgertmeleri we tejribämizi siz bilen paýlaşmakdan örän hoşal bolarys.

Elbetde doganlyk ýurt Azerbaýjanyň bilim tejribelerini almak hem biz üçin peýda getirer" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Aliýew Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ilham Aliýew, Binali Ýyldyrymy Kabul Etdi
Ýewraziýa döwletlerinde başdan geçirlen soňky wakalar
Ilham Aliýew Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýandygyny belleýär
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny Nowruz baýramy bilen gutladylar
Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Rus Halkyna Gynanç Bildirdi
ABŞ, Azerbaýjan Bilen Ermenistanyň Arasynda Gazanylan Ylalaşyga Goldaw Berýär