Altyn asyr AFK-nyň kubogynda Merwden üstün çykdy

Altyn asyr AFK-nyň kubogynda Merwden üstün çykdy

Aşgabadyň Altyn asyr futbol topary AFK-nyň kubogy ― 2023/24-iň dördünji tapgyrynyň çäginde Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşykda Marynyň Merwini 1:0 hasabynda ýeňdi.

Duşuşykdaky ýeke-täk goly 34-nji minutda Oraz Orazow geçirdi. Gol pasyny bolsa kapitan Ahmet Ataýew berdi.

Ikinji ýarymda duşuşyk Merwiň ýiti hüjümlerine baý bolan hem bolsa, olary hasaby deňlemek başartmady. Şeýlelikde, duşuşyk aragatnaşykçylaryň minimal hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy.

E toparçadaky ugurdaş duşuşykda Gyrgyzystanyň Abdyş-Atasy öz meýdanynda Täjigistanyň Rawşanyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

Yzda galan dört tapgyryň duşuşyklaryndan soň Abdyş-Atanyň 10, Altyn asyryň 7, Merw bilen Rawşanyň 2 utugy bar.

Indiki tapgyrda 30-njy noýabr güni Altyn asyr öz meýdanynda Abdyş-Atany, Merw Rawşany kabul eder.

Ýene degişli makalalar

AFK-nyň kubogy ― 2023/24: Abdyş-Ata Merwi Bişkekde kabul eder
AFK-nyň kubogy 2023/24: Rawşan ― Altyn asyr duşuşygynyň geçiriljek ýeri üýtgedildi
AÇL. Ahal — Pahtakor oýnunyň başlangyç düzümleri belli boldy
Aziýa kubogy ― 2023-iň açylyş duşuşygyny eýranly emin alyp barar
Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni giňden bellenildi, Maryda türkmen-eýran sergisi açyldy, Ýylyň parlak ýyldyzy 2023 atly aýdymçylaryň arasyndaky bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar kesgitlendi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Baş arçasynyň yşyklary 15-nji dekabrda ýakylar, Türkmenistanda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bellenilýär we beýleki habarlar