“Altyn Asyr” “Ahaldan”, “Köpetdag” bolsa “Şagadamdan” üstün çykdylar

Futbol boýunça ýurdumyzyň Kubogyny eýelemek ugrundaky bäsleşigiň birinji ýarym final duşuşyklary geçirildi.

Ýurdumyzyň çempiony “Altyn Asyr” topary myhmançylykda “Ahalyň” garşysyna geçiren duşuşygyny 2:0 hasabynda ýeňiş bilen tamamlady. Bu duşuşykda Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän toparyna ýeňiş getiren toplary Röwşen Halmämmedow bilen Resul Hojaýew öz atlaryna ýazdyrdylar.

Ýarymfinal oýunlarynyň ikinji duşuşygynda “Köpetdag” bilen “Şagadam” toparlary duşuşdylar. Bu duşuşyk 6:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. “Köpetdagyň” gollaryny Yhlas Saparmämmedow (2) bilen Döwletmyrat Seýitmuhammedow (3) hem-de Şiri Annaýew geçirdiler.

Kubok ugrundaky bäsleşigiň ýarymfinallarynyň jogap oýunlary 5-nji dekabrda geçiriler.

Türkmenistanyň Kubogynyň ýarymfinalynyň birinji duşuşyklary:

“Ahal” “Altyn Asyr” 0:2

Gollar: 28 Röwşen Halmämmedow, 46 Resul Hojaýew (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 40 Mirza Beknazarow, 65 Güýçmyrat Annagulyýew (“Ahal”) 40 Resul Hojaýew (“Altyn Asyr”)

Meýdandan çykarylan: 86 Güýçmyrat Annagulyýew, ikinji duýduryş (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: P.Pälwanow (Daşoguz ş.), E.Annamyradow (Balkanabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

“Köpetdag” “Şagadam” 6:1

Gollar: 12, 81 Yhlas Saparmämmedow, 20, 57, 65 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 89 Şiri Annaýew (“Köpetdag”) 26 Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”)

Duýduryşlar: 42 Batyrgylyç Berdiýew (“Köpetdag”) 17 Döwletgeldi Mirsultanow, 45+1 Sergeý Kuznesow, 66 Daýanç Orazgulyýew (“Şagadam”)

Meýdandan çykarylanlar: 3 Nikita Gorbunow, Merdan Gurbanow, oýundan soň (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2022: Köpetdag bilen Merw utuk paýlaşdylar
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Kubok bäsleşigine badalga berildi:  “Arkadag” “Energetik”- 4:0
Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: Şagadamy uly hasap bilen ýeňen Köpetdag finala has ýakyn geldi
Kubok ýaryşynda “Altyn asyr” bilen “Köpetdag” finala golaý