Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: Şagadamy uly hasap bilen ýeňen Köpetdag finala has ýakyn geldi

Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: Şagadamy uly hasap bilen ýeňen Köpetdag finala has ýakyn geldi

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşygynda Köpetdag Şagadamy uly hasap bilen ýeňdi. Aşgabat köpugurly stadionynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň ― Köpetdagyň 6:1 hasabyndaky ýeňşi biilen tamamlandy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparynda Döwletmyrat Seýitmuhammedow het-trik etdi, Yhlas Saparmämmedow bolsa iki gezek tapawutlandy. Ýer eýeleriniň altynjy pökgüsini Şiri Annaýew geçirdi. Şagadam bu gollara diňe Hemra Amanmämmedowyň geçiren ýeke-täk pökgüsi bilen jogap berip bildi.

Şagadamyň derwezeçisi Nikita Gorbunowyň eýýäm 3-nji minutda oýundan çykarylmagy duşuşygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Oýundan soň Şagadamdan ikinji futbolçy ― Merdan Gurbanow hem gyzyl kart gördi.

Toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 5-nji dekabrda geçiriler.

“Köpetdag” “Şagadam” 6:1

Gollar: 12, 81 Yhlas Saparmämmedow, 20, 57, 65 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 89 Şiri Annaýew 26 Hemra Amanmämmedow.

Duýduryşlar: 42 Batyrgylyç Berdiýew 17 Döwletgeldi Mirsultanow, 45+1 Sergeý Kuznesow, 66 Daýanç Orazgulyýew.

Meýdandan çykarylanlar: 3 Nikita Gorbunow, Merdan Gurbanow, oýundan soň (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.).

Ýene degişli makalalar

“Altyn Asyr” “Ahaldan”, “Köpetdag” bolsa “Şagadamdan” üstün çykdylar
Kubok ýaryşynda “Altyn asyr” bilen “Köpetdag” finala golaý
TÝL ― 2022: Köpetdag bilen Merw utuk paýlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: ýarym finalyň birinji duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär