Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: ýarym finalyň birinji duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: ýarym finalyň birinji duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar

“Ahal” “Altyn Asyr” 0:2

Gollar: 28 Röwşen Halmämmedow, 46 Resul Hojaýew.

Ilkinji gollar: Duşuşykda tapawutlanan futbolçylaryň ikisi hem Kubok ýaryşynyň şu möwsümindäki ilkinji gollaryny geçirdiler.

20-nji golçy: Resul Hojaýew möwsümde tapawutlanan 20-nji futbolçy boldy.

Bäş ýylda, iki toparda: Röwşen Halmämmedow soňky bäş ýylyň içinde Kubok ýaryşynda hem Köpetdagyň, hem Altyn asyryň düzüminde tapawutlandy. Ol 2015-nji ýyldan bäri bu ýaryşda geçiren gollarynyň sanyny 3-e çykardy.

Golsuz topar: Ahal ýarym finala çykan dört toparyň arasynda heniz gol geçirmedik ýeke-täk topardyr.

“Köpetdag” “Şagadam” 6:1

Gollar: 12, 81 Yhlas Saparmämmedow, 20, 57, 65 Döwletmyrat Seýitmuhammedow, 89 Şiri Annaýew 26 Hemra Amanmämmedow.

Bir duşuşykda birinji orunda: Duşuşykda üç gezek tapawutlanan Döwletmyrat Seýitmuhammedow häzirlikçe Türkmenistanyň kubogy ― 2020-niň iň netijeli futbolçysy.

Iki toparda, üçünji gol: Yhlas Saparmämmedow soňky bäş ýylyň içinde şu ýaryşda hem Ahalyň, hem Köpetdagyň düzüminde jemi 3 pökgi geçirdi.

Bäş ýylda 100-nji golçy: Döwletmyrat Seýitmuhammedow Kubok ýaryşynyň soňky bäş möwsüminde tapawutlanan 100-nji futbolçy boldy.

30-njy gol: Döwletmyrat Seýitmuhammedowyň üçünji goly täzeden döredilen Köpetdagyň ýaryşdaky 30-njy goly boldy.

Ýene bir 30-njy gol: Şol bir wagtyň özünde bu gol Türkmenistanyň kubogy ― 2020-de geçirilen 30-njy gol boldy. Häzir ýaryşda geçirilen gollaryň sany 32-ä çykdy.

Ikinji orunda: Köpetdagyň futbolçylary möwsümde geçiren gollarynyň sanyny 9-a çykaryp, Altyn asyrdan soňra ikinji orna çykdylar. Altyn asyrda 12 gol bar.

Iň köp golly duşuşyk: Bu duşuşyk Kubok ýaryşynyň şu möwsüminde iň köp gol geçirilen duşuşyklaryň biri. Has takygy, çärýek finalyň Altyn asyr ― Energetik duşuşygynda hem derwezelere 7 pökgi geçirilipdi. Şol duşuşykda Altyn asyr 7:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2022: Köpetdag bilen Merw utuk paýlaşdylar
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
Kubok ýaryşynda “Altyn asyr” bilen “Köpetdag” finala golaý
“Altyn Asyr” “Ahaldan”, “Köpetdag” bolsa “Şagadamdan” üstün çykdylar
TÝL ― 2021: 1-nji tapgyryň Köpetdag ― Aşgabat duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar
Futbol, Türkmenistanyň kubogy ― 2020: Şagadamy uly hasap bilen ýeňen Köpetdag finala has ýakyn geldi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany