Tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň tomusky dynç alyş günleri dowam edýär. Çagalar tomusky dynç alyş günlerini ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän çagalar dynç alyş merkezlerinde geçirýärler.Bu ýerlerde olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.
Gyzgalaňly dowam edýän günlerde Altyn ýyldyz çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda çagalar bilen duşuşyk geçirildi.
Ol ýerde muzeý hünärmenleri çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitap eserlerinden söhbetdeşlik geçirdiler. Çagalara surat çekdirilip, şekillendiriş sungaty we muzeý gymmatlyklary dogrusynda sorag-jogap alşyldy. Şeýle-de olar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine wertualmuseum.gov.tm atly internet salgysyna gaýybana syýahat etdiler.
